Sport we ýaşlar syýasaty

28 Awgust 2022
120

«7/24. tm», № 35 (118), 29.08. 2022

Ýolöten etrabynda ýerleşýän küreklemek sport mekdebinde baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça oglanlaryň arasynda Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. 200 metr aralygy baýdarkada ýekelikde küreklemekde Nariman Haýdarow 1-nji orny, Süleýman Nedirkulyýew 2-nji orny, Seýran Mallyýew 3-nji orny eýeledi. 500 metr aralyga küreklemekde Nariman Haýdarow 1-nji orna, Süleýman Nedirkulyýew 2-nji orna, Meýlis Muhammedow 3-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de, kanoede 200 metr aralygy geçmekde Selim Jumaýew 1-nji ornuň, Saftar Safarow 2-nji ornuň, Alyşir Hugaýew 3-nji ornuň eýesi boldy. Ýaryşyň jemi boýunça Ýolöten etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň türgenlerine taý tapylmady. Ýeňijilere Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we kubogy gowşuryldy.