«7/24. tm», № 35 (118), 29.08. 2022
Sporty öz durmuşyna hemra edinen ýaşlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanýan üstünlikleri köplere görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport bilen meşgullanmaga giň şertleri döredip berýär. Şonuň üçin hem sportuň bir görnüşine ykbalyňy baglandyňmy onda diňe türgenleşäýmek galýar. Şeýle özüne ynamly türgenleriň biri-de Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginde 1996-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda doglan Daýanç Omirowdyr. Ol 3-nji synpda okaýarka etrabyň 1-nji sport mekdebinde kuraş göreşi bilen meşgullanyp başlaýar. Etrabyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Begenç Omirow inisiniň sportuň göreş görnüşini saýlap almagyna sebäp bolýar.