«7/24. tm», № 34 (117), 22.08. 2022
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategiki döwlet syýasaty esasynda, halkara sport giňişliginde mähriban Watanymyzyň abraýy günsaýyn artýar. Sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Türkmenistan döwletimizde olimpiýa hereketini, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar.