«7/24. tm», № 34 (117), 22.08. 2022
Dünýä ilaty resmi taýdan 8 milliard adama ýetdi we artmagyny dowam etdirýär. Bu barada «Countrymetrics.info» portalynyň wirtual hasaplaýjysyna salgylanyp, «iz.ru» habar berýär.
Bu hasaplaýjynyň real wagtda planetanyň ýaşaýjylarynyň sanyny alýandygy bellenýär.
Berilýän maglumatlara görä, Ýer şarynyň erkek ilatynyň sany 4 milliarddan gowrak. zenanlar bolsa 3,9 milliard derejesinde.
Hasabatda berlişine görä, Ýer şarynyň ýaşaýjylarynyň ölüminiň iň köp ýaýran sebäpleri - ýürek keseli (şu ýyl 5,9 million), insult (4,2 million) we aşaky dem alyş ýollarynyň ýiti ýokançlyklary (2,1 million) hasaplanýar.