«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekmegi hemmeleri buýsandyrdy. Çünki häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.