«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024
Bazar diýlende hemişe haýsydyr bir harydyň satylyp, haýsydyr bir harydyň satyn alynýan ýeri göz öňüňe gelýär. Ýöne mekdep bazary diýenimizde göz öňümizde, dünýämizde janlanýan pursatlar diňe bir alyş-çalyş pursatlary bilen çäklenmeýär. Çünki bu ýerde şu günki ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar çagalarynyň mekdebe, täze okuw ýylyna taýýarlygy bilen bagly bolan mekdep lybaslarynyň, esbaplarynyň, enjamlarynyň söwdasy bilen birlikde hiç bir pula satyn alynmaýan ajaýyp pursatlar: ata-ene hem-de perzent gatnaşyklarynyň süýji minutlary janlanýar. Her bir ata-ene täze okuw ýyly üçin öz mähriban oglunyň, gyzynyň öz höwes eden mekdep harytlaryny alyp bermegi, satyn alyp beren harytlarynyň perzentlerini çyn ýürekden begendirmegini arzuw edýär.