«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024
Gahryman Arkadagymyz golaýda, has takygy, 20-nji iýulda türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekmegi ähli türkmenistanlylarda çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi.