Bagtly çagalygyň mekany

16 Iýun 2024
176

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024

Hä­zir­ki wagt­da to­mus pas­ly­nyň şat­lyk­ly gün­le­ri­ni baş­dan ge­çir­ýän bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň my­na­syp dynç alyş­la­ry­ny, wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çi­riş­le­ri­ni syn­la­nyň­da mi­ze­mez dur­muş ha­ky­kat­la­ry bi­len ýe­ne bir ýo­la ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de wagt­la­ry­ny hoş­luk­da ge­çir­ýän ça­ga­la­ryň şat­ly­gy­ny syn­la­nyň­da, hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň ça­ga­lar ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de ed­ýän çäk­siz ala­da­la­ry­nyň öz mi­we­si­ni bol­luk bi­len eçil­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Çagalar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de Arkadag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň körpeleriň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak ba­bat­da­ky ta­lap­la­ry he­mi­şe baş ýö­rel­ge, ugur gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýar. Şo­nuň üçi­nem bu ýer­le­re ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­den gel­ýän ça­ga­lar bi­len iş­leş­mek­de TKA-nyň Bal­kan we­la­ýat, et­rap-şä­her bir­leş­me­le­ri ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar dü­zü­lip, şu me­ýil­na­ma­lar­da ça­ga­la­ryň dynç alyş­la­ry­ny tä­sir­li, ýat­da ga­ly­jy, peý­da­ly bol­ma­gy ba­bat­da hem­me­ta­rap­la­ýyn ala­da­lar edil­ýär. Iş me­ýil­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ze­rur şert­le­riň bar­ly­gy, şeý­le-de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçi­n ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Şi­rin­na­bat Sar­ja­gu­lo­wa,
hünärmen.