«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023.
Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýaşaýan Oraz pälwan ady bilen tanalýan adyna mynasyp bir ýigidiň bardygyny kän ýyllar ozal şahyr Seýitmyrat Geldiýewden eşidipdim. Aradan birnäçe ýyl geçensoň, ýagny 2013-nji ýylda şol ýigit bilen duşuşmak üçin gadymy Maru-Şahu-Jahana myhman boldum. Ol ýerde ýaşaýan dogandan ileri, dostdan ýakyn bolan talyplyk ýoldaşlarym bilen Oraz pälwany gördük. Surata düşürdik. Söhbetdeş bolduk. Ýolda gelýärkäk bolsa, welosipedli geçip barýan ýaşy ulalyşan adamy görüp: «Biziň Jumadurdy mugallymymyz ýaly bir ýaşuly barýar» diýlen özara gürrüňdeşligiň ters yzyny çalyp başladym. Şeýdibem, Murgapdan çykyp, Sandykgaçy geňeşligine geldik. Maksadymyz ömrüniň 35 ýylyny welosipedde geçiren mekdep mugallymy Jumadurdy Akyýew bilen ýakyndan tanyşmakdy. Biziň maksadymyz myrat tapyp, şol söhbetdeşligi taýýarlap, 2013-nji ýylyň awgust aýynda «Türkmenistan» gazeti arkaly okyjylara hödürledik. Aprel aýynda Türkmenistanyň Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky teklibiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylyp, bu baýramy döretmek baradaky Kararnama kabul edilenine 5 ýyl doldy. 3-nji iýunda bolsa Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu goşa sene mynasybetli 45 ýyl bäri welosipedi esasy ulag serişdesi hökmünde ulanyp gelýän köne tanşym Jumadurdy Akyýew bilen ýene-de habarlaşdym.