«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023.
Sport janköýerligi diýmek özboluşly dünýädir. Sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi boýunça oýunlara, bäsleşiklere düýrmegi bilen berlip, toparlaryň we aýry-aýry oýunçylaryň arasyndan öz buýsanjyny (kumirini) tapan janköýer üçin keseden berilýän düşünjeleriň, bilimleriň zerurlygy juda az bolýar. Gaýta onuň özi sportuň janköýerlik edýän görnüşi boýunça özüni düşünjeli, bilimli, sowatly diýip hasap etmek bilen, islendik pursatda ol barada gürrüňdeşlige pikirini, garaýşyny paýlaşmaga taýýar bolýar.