«7/24. tm», №22 (157), 29.05.2023.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan Diýarymyzda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Däbe öwrülen bu baýramyň şanyna geçirilýän dabaralar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýyp, bagtyýar geljegimiz bolan şadyýan körpelerimizde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.