«7/24. tm», №22 (157), 29.05.2023.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli yglan eden «Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde geçirildi.