Ak şäheriň dabaraly toýy

28 Maý 2023
118

«7/24. tm», №22 (157), 29.05.2023.

Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şol gün paýtagtymyzyň keşbi has-da gözelleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyzda gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar.