Ýaş türgen ýeňişli ýolda
Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Watanymyz ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň rowaçlanýan mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Ýurdumyzda sportuň welosiped sürmek görnüşiniň meşhurlygy hem barha artýar. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyryp, bedeniňi taplamaga kömek edýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanylanda bedeniň kesellere garşy durmak ukyby güýçlenýär, ýürek-damar keselleriniň döremek howpy ep-esli azalýar. Ol dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär. Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, welosiped sürlende ýerine ýetirilýän sazlaşykly hereket we kadaly dem alyş ýadawlygy aýyrmagyň ajaýyp usulydyr.