Sapaly durmuşyň seresi
Daşky gurşawyň abadançylygynyň, arassa ekologiýa şertleriniň ynsan saglygyna peýdaly täsir edýändigi ikuçsyz hakykatdyr. Howanyň arassa bolmagy köp babatda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Ylmy-barlaglaryň netijeleriniň görkezişi ýaly, baglaryň köp ekilen ýerinde wagtal-wagtal gezelenç edip, arassa howadan dem almak hem ençe sökellikleriň öňüni almaga hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaga ýardam edýär. Şonuň üçinem, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler tebigatyň gözel künjeklerinde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çalyşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel tebigatymyzy goramaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda şäherleriňdir obalaryň görküne görk goşýan, howanyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýan, ynsan saglygyny berkidýän agaçlar köpçülikleýin ekilýär. «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän baglaryň howadaky tozan, çaň, tüsse, gurum, zyýanly gazlar ýaly dürli görnüşli galyndylaryny özünde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary subut edilendir.