"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Taryhda şu gün

Ol bu wezipede 2001-nji ýyldan bäri Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti bolup işlän belgiýaly Žak Roggeniň ornuna geldi.

Adaty bolmadyk belgiler

Marokkoly futbolçy Zerouali Şotlandiýanyň «Aberdin» toparyna goşulan wagtlary onuň familiýasyna topardaşlary gülşüpdirler. Sebäbi «Zero» sözi iňlis dilinden terjime edilende, 0 sanyny aňladýardy. Bu ýagdaýa özüçe sereden Zerouali 0 belgini saýlaýar. Ol «Aberdin» toparynyň düzüminde şu belgi bilen oýnaýar we taryha 0 belgide oýnan ilkinji futbolçy bolup girýär. Emma ol Şotlandiýanyň toparynda ýekeje möwsümi geçirýär. Iň gyzykly tarapy hem onuň şertnamasynyň gutaran ýyly (1998-nji ýyl) FIFA 0 belgide oýnamagy gadagan edýär.

Bilýardyň taryhyndan

Bilýard stoluň üstünde oýnalýan birnäçe oýnuň birleşen görnüşi hasaplanýar. Sebäbi onuň birnäçe ugurdaş görnüşleri giňden bellidir. Olaryň hemmesinde hem stoluň üstündäki şarlary taýak, ýagny kiý bilen urup, torly halka girizmek boýunça bäsleşýärler. Bilermenler bilýardyň fransuz dilindäki «şar» (bille) we «taýak» (bilette) diýen sözlerden hasyl bolandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin olaryň hemmesi umumylykda bilýard diýlip atlandyrylýar. Taryhy maglumatlar bilýardyň dörän ýeriniň Aziýadygyny tassyklaýar. Ýöne käbir çeşmeler bu oýny döredeniň hytaýlylardygyny aýtsa, ýene birlerinde Hindistanyň ady agzalýar. Şeýle-de bolsa, ýewropaly bilermenler bilýard heniz döremänkä, oňa meňzeş oýnuň Ýewropada oýnalandygyny nygtaýarlar. Olar Germaniýanyň çäklerinde bafkespiel, Angliýada pall-mall ýaly oýunlaryň ir döwürlerden bäri belli bolandygyny aýdyp, öz pikirlerini ösdürýärler. Ýöne çeşmeleriň aglabasynda bilýardyň XV-XVI asyrlarda Hytaýyň üsti bilen Ýewropa aralaşandygy nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde bilýardyň taryhyny öwrenijiler oňa meňzeş oýnuň gadymy Müsürde hem oýnalandygy hakyndaky garaýşy öňe sürýärler. Sebäbi Müsürde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzdan 3300 ýyl ozal ulanylan bilýardyňka meňzeş enjamlar tapylypdyr. 4 şardan we 3 taýakdan ybarat bolan şol enjamlar olara esasy tutaryk bolup hyzmat edýär.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly türgenler! Sizi Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işleri dünýä nusgalyk diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary bolsa ýurtda ekologik syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy, tebigatyň gözelliginiň goralmagy, daşky gurşawyň arassalygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. «Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan işlerem, elbetde, diňe öwgä mynasypdyr. Geçen hepdäniň şenbe gününde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy hem ýurdumyzda adamlaryň döwrebap dynç almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek, Hazaryň türkmen kenarynyň ekologik arassalygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly boldy.

Şa serpaýy — göwünleriň ganaty

Iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan türgenleriň ýeňişlerine buýsanmak, olara sylag-serpaý ýapmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp däbine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň awgustynda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlardaky, has takygy Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryndaky hem-de Türkiýäniň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen begendirdiler. 31-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar — Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, milli parlamentiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, türgenler, tälimçiler, sport hünärmenleri, talyp ýaşlar Watanymyzyň sport ulgamyndaky ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Hoşallyk maslahaty

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýynyň gowşurylmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatyna ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler, tälimçiler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda ähli ildeşlerimize görkezýän göreldesi, halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlerimize hormatly atlary dakmagy we Şa serpaýlaryny gowşurmagy sport ulgamynyň ähli işgärleriniň, türgenleriň, tälimçileriň we hünärmenleriň başyny Göge ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, 31-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýäniň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bede

Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Mihail TITOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, futbol boýunça halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

Buýsandyryjy çözgütler

Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir diýip belleýän hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda kabul edilen çözgütler hem bu hakykatyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Täze taryhy eýýamda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, atçylyk-sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türkmen sportunyň şöhratyny artdyrjak türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam eder.

Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdeplerde

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny taýýarlaýan sport mekdep-internatlarynda we sport mekdeplerinde hem kämillik menzilleriniň täze sahypasy açyldy. 1-nji sentýabrda säher bilen guralan dabaralar täze okuw ýylynyň, sportda has-da uly üstünliklere ymtylyşyň buşlukçysy boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň garamagyndaky «Olimp» orta sport mekdebinde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp çäreler hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Şowhuna beslenen dabaralarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bilim, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda amal edilýän beýik işler giňişleýin beýanyny tapdy. Dabaralara gatnaşýan okuwçylaryň şatlygy hem buýsanjy kämillige teşne ýaşlaryň uly höwes bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, joşgunly çykyşlarynda şöhlelendi.

Welaýatlardan habarlar

Golaýda Oguzhan etrabynyň sport mekdebinde 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda karate boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri hem gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesi boýunça Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň topary birinji orny eýelemegi başardy. Ýaryşyň ýeňijilerine Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bilim – bagtyň binýady

26-njy awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri dabaralanýar» atly ylmy-amaly maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guraldy. Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyňdyr talyplarynyň çykyşlary diňlenildi. Olaryň mowzuklary Berkarar döwletimizde bilim syýasatynyň esasy ugurlaryna, türgenleriň beden taýýarlygynda döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýetine, şeýle hem türkmenistanly türgenleriň halkara sport ýaryşlaryndaky üstünliklerine bagyşlandy. Bilim ulgamyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim almaga hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlarda ähli raýatlaryň, aýratyn-da ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Welosipedli külterlenen menziller

Watanymyzda welosipediň ynsan saglygyna, ekologiýanyň abadançylygyna ýetirýän täsirine uly ähmiýet berilmegi bilen, ulagyň şu görnüşiniň jemgyýetimizdäki orny günsaýyn pugtalanýar. Welosipedli gezelenç etmegi gündelik hemrasyna öwren ýaşlaryň sany barha artýar. Welosport ýaryşlary bolsa sportuň şu görnüşini hünär hökmünde saýlan ýaşlaryň kämilliginiň binýadyny goýýar. Şeýle ýaryşlaryň biri-de ýakynda tamamlanan welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatydyr. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň Welosport federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşy bölekleýin start bäsleşigi bilen başlandy. Gyzlar bu görnüşden 15 kilometre ýaryşsalar, erkekler 25 kilometrlik menzile bäsleşdiler. Gyzlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda Zöhre Gurbanmyradowa ýeňiş gazandy. Jennet Gylyçdurdyýewa pellehanadan ikinji bolup geçdi. Üçünji orny Sewinç Gutlymyradowa gazandy. Erkekleriň ýekelikdäki ýaryşy hem diýseň dartgynly geçdi. Onda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň agzasy Mahmyt Aşyrow birinji orna mynasyp boldy. Gadam Köşiliýew ikinji, Ihlasbek Abdylbekow üçünji orunlary eýelediler.

«Ahal» – birinji aýlawyň ýeňijisi

Futbol boýunça Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Onuň netijesinde «Aşgabat» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykan «Ahal» topary toplan 19 utugy bilen birinji aýlawyň ýeňijisi boldy. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Altyn Asyr» myhmançylykda «Nebitçiden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Merw» topary «Şagadamy» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Köpetdag» öz meýdanynda «Energetikden» 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Taryhda şu gün

Jemleýji tapgyry 1950-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Italiýanyň Monsa şäherinde geçirilen ýaryşa şol ýylyň 13-nji maýynda badalga berlendigini bellemek gerek. 113 gün dowam eden bäsleşikde baş baýrak ugrunda toparlaryň 16-sy bäsleşdi.

Halkyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine

«Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazandyk» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu sözleri iň gymmatly baýlyk bolan ynsan saglygyny goramagyň ýurdumyzda ähli zatdan ileri tutulýandygynyň, raýatlaryň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da gülläp ösmeginde raýatlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklarynyň ilkinji nobatdaky şertleriň biridigi bolsa öz-özünden düşnüklidir.

Samboçylarymyz möhüm synagyň bosagasynda

Türkmen samboçylary Moskwada geçjek halkara ýaryşynda çykyş ederler Eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, başa-baş söweş sungatlaryny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şol sanda sambo we söweş sambosy boýunça ussatlary taýýarlamakda hem möhüm ädimler ädilýär. Watanymyzda geçirilen halkara ýaryşlarynda hem bu görnüşe möhüm ornuň degişli bolandygy bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlikdir.

Taryhy maslahata bagyşlanan duşuşyk

Düýn — 26-njy awgustda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Oňa ministrligiň düzümindäki edara-kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bütin dünýäde ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan halkara maslahat Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň howandarlygynda 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Oňa dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de 30-dan gowrak halkara guramalardan wekiller gatnaşdylar.

Söweş sungatynyň ýaş ussady

Sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň mekany bolan ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden ylham alýan ýaşlar öz saýlan ugurlarynda kämillige gol berip, Watanymyza, il-günümize peýdaly adamlar bolup ýetişmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň onunjy synpynda okaýan Kerim Beknazarow hem şeýle ýaşlaryň biridir. Sportda ussatlyga ýetmek üçin ussatdan tälim almak gerek. Hut şonuň üçinem, irden mekdepde bilimini artdyrýan Kerim günüň ikinji ýarymyny agasy Gurbandurdy bilen paýtagtymyzdaky 57-nji orta mekdebiň türgenleşik zalynda geçirýär. Bu ýerde türgen doganlar tejribeli tälimçi, taekwondo WTF boýunça sport ussady Mergen Saryjaýewden tälim alýarlar. Agşama çenli dowam edýän türgenleşiklerde başa-baş söweş sungatynyň inçe tilsimlerini ele alýan ýaş türgeniň yhlasy onuň ýaryşlarda görkezýän netijelerinde şöhlelenýär.

Mekdep – kämillik ojagy

Islendik işdäki ussatlygyň gözbaşynda halypa-şägirtlik mekdebi durýar. Heniz mekdep partasyndan haýsy hem bolsa bir ugra ýürekden ýapyşan okuwçynyň yhlasy halypanyň – mugallymyň ussatlygy bilen sazlaşanda ökde hünärmen, alym, döredijilik adamy, mahlasy, saýlap alan hünärinde kämillige ýeten şahsyýet kemala gelýär. Bu kanunalaýyklyk sport babatynda hem üýtgewsizdir. Ussat halypalardan tälim alyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny goraýan erjel türgenleri ýetişdirýän sport mekdepleriniň biri-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebidir. Sport mekdebimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlarynda sport bilen meşgullanyp, beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolmak üçin uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ozal hereket edýän futbol, basketbol, gandbol, tennis, söweş sambosy, taýboks ýaly görnüşleriň üsti agyr atletika bilen ýetirilip, mekdebimizde tälim berilýän sport görnüşleriniň sany 7-ä ýetdi. Bu ýerde 600-e golaý okuwçy tälim alýar. Häzirki günlerde olara sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaşajyk muşdaklarynyň täze toparlary goşulýar.