"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Küştçülerimiziň üstünlikleri

Daşkentde mekdep okuwçylarynyň arasyndaky küşt boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Rapid boýunça 17 ýaşa çenli okuwçylaryň arasynda Lala Şöhradowa hem-de Amanmuhammet Hommadow ajaýyp netijeleri görkezdiler. Olar kümüş hem-de bürünç medallary bilen begendirdiler. L.Şöhradowa ýeňiş gazanan özbegistanly Umida Omonowadan bary-ýogy 1 utuk az toplady. Utuklaryň deňligine garamazdan, Lala goşmaça görkezijiler esasynda, nobatdaky kümüş medalyna eýe boldy.

Taekwondoçylaryň çekeleşikli duşuşyklary

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň Kubogynyň bezegine öwrüldi Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda däbe öwrülen bäsleşik – taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş guraldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Watanymyzyň dürli sebitlerinden bolan taekwondoçylaryň 225-den gowragy Kubok ugrunda göreşdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň

15-16-njy iýuny. Aşgabadyň ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy. Bu ýerde tomaşaçy az däl. Menem şolaryň biri. Sähelçe pursatlyk taekwondonyň (WTF) jadyly dünýäsine aralaşyp görmek höwesi öz erkime goýmady. Belki, beýlekileriň hem şeýle ahwalyň ýesiri bolan bolmagy ähtimal. Herhal taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýan ýaş türgenler baýrak eýesi bolmak, şeýle-de, halypalaryň ynamyny ödemek üçin ellerinde baryn-a etdiler. Agramlary 74 kg çenli türgenleriň arasynda gara guşagyň 1-nji danynyň eýesi Kerim Ataýewiň sport bilen sungatyň bir-birine öte golaýdygyny ýene bir gezek ýatladyp gidýän hereketleridir urgulary, erjelligi ünsümi özüne çekmän durmady. Öz agramynda baş baýraga mynasyp bolan Kerimiň halypasynyň gara guşagyň 5-nji danynyň eýesi Bäşim Rozyýewdigini görenimde-eşidenimde, onuň üstünliginiň syry düşnükli boldy oturyberdi. Şägirt halypanyň ýoluny diňe bir alyp göteräýmän, soňlugy bilen ondan ozdurmalam. Bu öňem şeýledi, häzirem şeýle, gelejekde-de şeýle bolmaly. ...Türkmenistanyň Taekwondo milli merkezine hem ýolbaşçylyk edip gelýän tejribeli Bäşim halypanyň öwüt-ündewlerine eýerip, yhlasly türgenleşýän Kerim Ataýew ýyl-ýyldan kämilleşýän türgenleriň biri hökmünde tanalýar. Ýogsa başda ýeňil düşmedi. Ilkinji ädimleriň ädilýän wagtlarynda şowsuzlyklar hem bolman durmady. Ke

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

Sportuň her bir adamyň durmuşynda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň durmuşynda-da eýeleýän orny örän uludyr. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletimiz hem okgunly ösüşleri gazanýar. Şol bir wagtda sport işewürlikde üstünlige ýetmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki sport we bedenterbiýe bilen meşgullanylanda, tertip-düzgünlilik, erklilik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwrebap sport desgalarynda tälim alýan ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi bolsa jemgyýetimizde sport we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň üstünlikli geçirilmegi-de şol hakykaty doly tassyklaýar.

Hurmantgökjeli pälwan

Hakyň nazary düşen keremli topragymyz niçeme merdana ärleriň, gujur-gaýratly pälwanlaryň kemala gelen mekanydyr. Olaryň edermenligi şu günki we geljekki nesilleri terbiýelemekde özboluşly mekdepdir. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşap geçen Gapbarguly pälwan hem şeýle şahsyýetleriň biridir. Gadymy Hurmant galasy pagsadan salnan dörtburç gala bolup, onuň derwezesiniň iç ýüzünde söýeg daşy hökmünde agramy takmynan 330 kilograma barabar bolan daş goýlupdyr. Agşam galanyň ýaşaýjylary gala ýygnanandan soň, obanyň meşhur pälwany ony derwezäniň arkasynda goýup, ir säher bilen hem aýrypdyr. Bu täsin söýeg daşy barada maglumat almak üçin Hurmantgökje obasyna baranymda, meni Gapbarguly pälwanyň nowbahar ogly Rahmanguly garşy aldy. Onuň ojagynda eden söhbetdeşligimiz Hurmantgökje obasynyň we galanyň taryhy, tebigaty, täsin söýeg daşy we Gapbarguly pälwan bilen bagly wakalara syrygyp gitdi. Halkyň hakydasynda galan gürrüňlere görä, bäş asyr mundan ozal täsin daşy göteren pälwan şu obada ýaşapdyr. Oba adamlary pälwanyň adyny bilmeseler-de, onuň göteren daşyna täsin söýeg daşy hökmünde garapdyrlar.

Döwrebap sport desgasy täze ýeňişleriň binýadyny berkidýär

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilip, döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde bina edilen sport desgalary milli sportumyzyň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam etdirjek türgenleriň kemala gelmegine ýardam eder. Täze şäheriň Köpugurly sport toplumy, 10 müň orunlyk stadiony we Sport merkezi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şert-mümkinçilikler bilen üpjün edilen döwrebap desgalardyr. Arkadag şäheriniň ajaýyp desgalarynyň biri bolan Sport merkezi (suw sport toplumy) hemme amatlyklary özünde jemleýän döwrebap toplumdyr. Bu ýerde suwda ýüzmegiň ussatlary bilen birlikde, ýaş türgenlere ýokary netijeleri gazanmaga ähli şertler bar. Döwrebap desgada dünýä ülňülerine laýyk gelýän, uzynlygy 50 metre ýetýän uly howuz ýerleşýär. Bu ýerde suw pökgüsi bilen meşgullanmak üçin hem ähli zerur şertler üpjün edildi. Şeýle hem toplumda hereket edýän çagalar üçin attraksionly suw howzy körpeleriň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüler.

Welaýatlardan habarlar

Ýakynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda kýokuşinkaý karate boýunça Mary welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi. Mary welaýatynyň 10 müň orunluk sport toplumynda geçirilen ýaryşa Daşoguz welaýatyndan hem-de Murgap, Sakarçäge etraplarynyň sport mekdeplerinden türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda Sakarçäge etrabynyň sport mekdebinden Merdan Orazow 1-nji, Gandym Saparmyradow 2-nji, Didar Sapargeldiýew 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenlere welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Söhbet JUMABERDIÝEW,

Taryhda şu gün

2018-nji ýylyň 22-nji iýulynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde birinji agyr agramyň absolýut çempionlygy ugrunda duşuşyk geçirildi. Onda WBC hem-de WBO ugurlarynyň çempiony bolan ukrainaly Aleksandr Usik bilen WBA-dyr IBF guramalarynyň çempionlyk guşagynyň eýesi, russiýaly Murat Gassiýew ringe çykdylar.

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus – howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň daşary çykmak, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgaplary geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Günüň dowamynda gerekli mukdarda arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşyny, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Nobatdaky üstünlik

Golaýda Aşgabat şäheriniň «Aşgabat» köpugurly stadionynda armrestling boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň atletika sport federasiýasy bilen bilelikde geçiren bu ýaryşyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden pälwanlaryň 70-e golaýy gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda Mary welaýatynyň türgenleri toparlaýyn görnüşde birinji orna mynasyp boldular. Welaýatyň tälimçisi we türgeni hökmünde çykyş eden Röwşen Muhadow 80 kg agramda çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldy. 55 kg agramda Mergen Döwletgeldiýew,

Sport baýramçylyklarynyň bosagasynda

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň erkin we grek-rim göreşleri boýunça türgenleri şu günler Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýarlar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň baş maksady Belarus Respublikasynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmekden ybaratdyr. Bu ýygnanyşyga erkin göreş boýunça 7 türgen we olara ýolbaşçylyk edýän tälimçi-mugallym gatnaşýar. Ýene 7 türgen şol ýerde bolýan grek-rim göreşi boýunça ýygyndy toparymyzy düzýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nepes Gukulow şol ýerde grek-rim göreşinden ykjam taýýarlyk görýän ýygyndy toparymyzyň türgenleşiginiň ýokary derejede geçmegine ýardamyny ýetirýär.

Ýaşlarda sporta höwes bar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda öňe sürülýän baş wezipeleriň biri-de, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler bilen aýrylmaz baglydyr. Hut şonuň üçin hem, sportda ýetilýän üstünliklere, türkmen jemgyýetiniň bu ugurda gazanýan ösüşine diýseň ýokary baha berilýär. Eşretli zamanamyzda zähmet çekmäge, işlemäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport mekdeplerinde yzygiderli guralýan dürli sport bäsleşikleri, baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler ýaş türgenleriň sporta bolan höwesini artdyrmakda juda ähmiýetlidir. Biziň sport mekdebimizde hem ýaşlar sportuň birnäçe görnüşi bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Olara tejribeli tälimçi-mugallymlar tälim berýär. Halypa tälimçileriň halkara ýaryşlarda toplan tejribeleri bolsa ýaş türgenleriň has-da kämilleşmegine şert döredýär. Sport mekdebimizde sport görnüşleri boýunça türgenleşmäge döredilen mümkinçilikleriň ýokary derejededigini aýratyn bellemek gerek. Ýaşlar okuw-türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaşýarlar. Tälimçileriniň öwredýän emelleridir berýän sapaklaryny öz wagtynda, erjellik bilen özleşdirýärler. Mekdebimiziň türgenleri ýurdumyzd

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris. Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip, eziz Diýarymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan abraýyny täze belentliklere göterýän hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Sagdynlygyň we güýjüň esasy çeşmesi bolan sportuň we bedenterbiýäniň tutuş jemgyýetimizi gurşap almagyny, olar bilen raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň meşgullanmagyny gazanmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýar we bu ugurda alny

Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän sport syýasatynyň netijesinde Türkmenistan döwrebap sport düzümlerine eýe bolan hem-de iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyply ýurtdygyny subut etdi. Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Hakyky sport baýramçylygy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde orun alan ýaryşlaryň tejribesi ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň artmagyny şertlendirdi.

Döwletlilik — ýolumyzyň şamçyragy

Kitaba çuňňur hormat goýýan halkymyz ony gymmatly hazyna deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserler ähli ýaşdaky adamlar üçin paýhas dürleriniň hazynasydyr, ýol görkeziji şamçyragydyr. Halkymyzyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň elimize gowuşmagy hem il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze edebi-filosofik eserinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlar, çuňňur manyly pikir-garaýyşlar, öwüt-ündewler beýan edilýär. Hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamy bolan täze kitapda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär.

Nusgalyk şähere bagyşlanan neşir

Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy mynasybetli neşir edilen «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitap halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu günler ähli pudaklarda, şol sanda sport ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda sebitde deňi-taýy bolmadyk şähere bagyşlanan kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Şol dabaralarda çykyş edýänler Arkadag şäheriniň Watanymyzyň kuwwatyny berkitmekde tutýan orny barada giňişleýin söhbet edýärler. Dabaralarda eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Ajaýyp şäheriň döwrebap desgasy

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda taryh üçin gysga döwürde gurlan Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjydyr. Ekologiýa taýdan arassa mekanda ýerleşip, döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilen «akylly» şäherde häzirki zaman sport düzümleriniň döredilmegi bu ýerde ýurdumyzyň abraýyny artdyrjak türgenleriň kemala gelmegini we sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagyny şertlendirer. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda kemala gelen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadiony şäherdäki beýleki desgalar bilen özboluşly sazlaşygy döredýär. Döwrebap stadionda sportuň 13 görnüşi bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredildi. Futbol meýdany, agyr atletika, küşt, şaşka, bilýard, stol tennisi we boks bilen meşgullanmak üçin sport zallary, woleýbol, kenarýaka woleýboly, basketbol, tennis ýaly görnüşleri üçin açyk sport meýdançalary, türgenler üçin 38 orunlyk ýatakhana,

Möhüm synaglaryň bosagasynda

Şu ýyl Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilýän suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatyna ýokary derejede taýýarlanmak we üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri 28-nji iýunda Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna başladylar. Halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna mekdebimiziň 6 türgeni hem-de 2 tälimçi-mugallymy gatnaşýar. Tälimçi-mugallymlar türgenleriň ykjam taýýarlygyny gazanmak üçin olara degişli ýardamlaryny berýärler.

Türkmen pälwanlary dünýä çempionatynda

13-nji iýulda Gazagystanyň Astana şäherinde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Ýaryşa Türkmenistanyň erkekler hem-de zenanlar ýygyndy toparlary hem gatnaşýar. Çempionata gatnaşýan türkmen ýygyndysyna 19 adam wekilçilik edýär. Şolaryň 16-sy türgenlerdir. Erkekler ýygyndymyza Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Hojamyrat Suwhanow (57 kg), Abdyresul Durdyýew (62 kg), Atageldi Tejendurdyýew (68 kg), Agaýusup Garaýew (74 kg), Nobatgeldi Nazarow, Sähetmyrat Çerkezow (ikisi hem 100 kg) hem-de Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-den ýokary agram) dagy wekilçilik edýär. Mundan başga-da, bu ýygyndyda Lebap welaýatyndan Guwanç Hemraýew (68 kg),

«Ýüpek ýoly – 2023»: Türkmen ekipažlarynyň ynamly menzilleri

Türkmen ekipažlarynyň Tatarystan Respublikasyndan Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine uzaýan «Ýüpek ýoly – 2023» halkara rallisinde ynamly çykyşy sportuň bu görnüşinden milli mekdebimiziň taryhy ösüşlerinden nyşandyr. 6-njy iýulda ajaýyp ýaryşda çykyş edýän ildeşlerimiz 93 ekipažy bir ýere jemlän iri awtomobil bäsleşiginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edýän 21 ýurduň baýdaklarynyň arasynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ýaşyl Tugunyň dabaranyň sahnasyny bezän pursady her birimizi begendirdi.