Türkmen dzýudoçysynyň ýeňşi

24 Mart 2023
124

Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy toparynyň agzasy Serdar Rahymow ýaşlaryň arasynda geçen Ýewropanyň Kubogynda ýeňiş gazandy.

Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherinde geçen ýaşlaryň arasyndaky Ýewropanyň Kubogynda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Serdar ähli garşydaşlaryndan rüstem çykdy. Ildeşimiz finalda rumyniýaly Flawiý Lunguny ahmyrda goýdy. Şeýlelikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň birinji ýyl talyby Serdar Rahymow ýaşlaryň arasynda geçen Ýewropanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Şu agramdaky ýaryşyň kümüş medalyny ildeşimiziň rumyniýaly bäsdeşi eýelese, Niderlandlardan Ýohem Wan Harten bürünç medal gazandy. Türkmen türgeni Toýly Myradow hem 66 kilogram agramda göreş alyp bardy. Ol ýedinji orna eýe çykdy.

«Türkmen sporty».