Golaýda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy toý ruhunda geçdi. Oňa paýtagtymyzyň sport ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleri bilen birlikde, türgenler hem gatnaşdylar.
Olar bag nahallaryny oturtdylar hem-de ozalky ekilen baglaryň düýbüni ýumşatdylar, suwardylar, degişli idegleri etdiler. Bu asylly işe ulgamda zähmet çekýän ýaşlaryň hem işjeň çekilmegi röwşen ertirimiziň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine uly ähmiýetiň berilýändiginiň beýany bolup dabaralandy. Elbetde, şeýle çäreleri döwlet derejesinde yzygiderli geçirmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Bu bolsa Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň ýolunda diýseň möhüm ädimdir. Bag nahallaryny oturtmak çäresi boýunça geçirilen dabaralarda çykyş edenler baglaryň ynsan saglygyna edýän täsiri barada gürrüň etdiler. Şeýle göwün göteriji pursatlarda asylly çärä – bag nahallaryny oturtmak işine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bilen giň meýdandaky ruhubelentlik has belende göterildi.