Uniwersiadanyň çäklerinde

24 Mart 2023
115

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Uniwersiadanyň çäklerinde guralan erkin göreş boýunça ýaryş talyp türgenleriň 135-sini bir ýere jemledi. Örän çekeleşikli geçen ýaryş talyplaryň diýseň ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezdi.

Ýaryşyň netijelerine görä toparlaýyn esasda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 1-nji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Tahyr BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri, uly mugallym, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.