Il saglygy – ýurt baýlygy

24 Mart 2023
106

Berkarar Watanymyzda ynsan saglygy iň uly baýlyga deňelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan saglygy goraýyş ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. 15-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüniň tutulmagy hem ajaýyp hakykatyň dabaralanmasyna öwrüldi.

Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn deň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak ugrundaky tagallalaryň aýdyň görkezijisidir. Täze desgalaryň her biri iň öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda enjamlaşdyrylar we ýokary derejeli hünärmenleriň zähmet çekmegi üçin hemme mümkinçilikler bilen üpjün ediler.

Maýa AKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.