Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň 21-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki maslahatynda demokratik özgertmeleriň dabaralanmasyna öwrülen Konstitusion kanunlaryň birnäçesi kabul edilip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Arkadagly Serdarymyz häkimiýet bilen halkyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga gönükdirilen taryhy başlangyjy goldap, Türkmenistanyň Gahrymany, halkymyzyň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekmek bilen, ildeşlerimiziň ýürek arzuwyny hasyl etdi.
Hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda geçirilen hoşallyk maslahatyna Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriniň müdirleri, tälimçi-mugallymlary, şeýle hem sport desgalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdy.