Täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň asylly ýörelgelerine, milli demokratiýamyzyň köpasyrlyk däplerine daýanyp, Watanymyzyň rowaçlygyny, il-günümiziň eşretli durmuşyny nazarlaýar. Ine, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütler hem şöhratly taryhymyzyň altyn öwüşginli sahypalaryny ýazdy.
Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň hem-de jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň kabul edilmegi sözüň doly manysynda taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň halkynyň bähbidine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara, Türkmenistanyň mejlisi bolsa kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi.