Köňül islegleriniň hasyl bolmagy

27 Ýanwar 2023
74

21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi üstümizdäki ýylyň turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Ajaýyp zamanamyzyň sene ýazgysyna altyn harplarda ýazyljak bu ählihalk forumy ilimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurdumyzyň täze eýýamda täze ösüşleri nazarlaýandygynyň özboluşly güwäsine öwrüldi.

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan döwrümizde ähli ugurlarda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, has-da ýokary derejede guramak möhüm talap bolup durýar. Döwrüň bu möhüm talabyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň arakesmesinde Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmegi we onda Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, şonuň esasynda hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem-de makullanylmagy, hormatly Prezidentimiziň bu Konstitusion kanunlara gol çekmegi ykbal özgerdiji taryhy çözgütler hökmünde il-günüň ägirt uly hoşallygyna eýe boldy.

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.