Geçen hepdäniň dynç günleri Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň binasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň Kubogy jemlendi. Ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dzýudoçylaryň ençemesi gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guran ýaryşy diýseň dartgynly duşuşyklary özünde jemledi.
Medallar toplumy ugrundaky göreş ýaşlaryň arasynda hem dowam etdi. Erkekleriň ýaryşlary hem, zenanlaryň bäsleşikleri-de agramlaryň ýedisi boýunça geçdi. Ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň, kiçi ýaşly türgenleriň arasyndaky bäsleşikler agram derejeleriň hem artmagyny şertlendirdi. Halkara Dzýudo federasiýasynyň talaplary esasynda geçen Türkmenistanyň Kubogy guramaçylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlandy.