Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary

27 Ýanwar 2023
71

Häzirki günlerde uly şowhun bilen dowam edýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň gyzykly ýaryşlary sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapýar. Ajaýyp sport baýramçylygynyň professor-mugallymlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşy gyzykly duşuşyklaryň ençemesini özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimisiniň toparlaryny özünde jemlän bäsleşigiň jemleýji duşuşyklary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sport zalynda geçdi.

Finalda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan üstün çykan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary Spartakiadanyň ýeňijisi boldy. Iň soňky pursatlara çenli ýeňiş üçin ýiti göreş alyp baran Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji orny eýeledi. Spartakiadanyň ýaryşlarynyň aglabasynda öňdäki üçlüge girmegi başaran Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bu gezek hem üçünji boldy.

«Türkmen sporty».