Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty höweslendirmek, wagyz etmek we ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.
Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly ähmiýet berlip, Olimpiýa ýörelgelerine eýerilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen utgaşýar. Şol maksatlar bolsa adam mümkinçiliklerini has doly açmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hut şoňa görä-de, ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasy ugry hökmünde kesgitlenildi.