Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

2 Dekabr 2022
69

Dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Daşary syýasy strategiýasynda ähli döwletler bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürýän Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu hakykat ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklar babatda-da üýtgewsizdir.

Sport, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlary hem köptaraply türkmen-koreý gatnaşyklarynyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şol döwrüň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürip gelýär. Ine, ýakynda

«Türkmen sporty».