Türkmen türgenleri ýeňişli ýolda

2 Dekabr 2022
82

Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Şol netijeler tamamlanyp barýan ýylyň sport durmuşynyň bezegine öwrülýär. Hindistanyň Puna şäherinde geçen kuraş göreşi boýunça dünýä çempionaty hem bu hakykatyň beýany boldy. 61 ýurtdan 178 türgeni jemlän dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary milli mekdebimiziň medally ýoluny mynasyp dowam etdirdiler.

Çempionatdan gelip gowşan ilkinji hoş habar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowanyň 78 kilogram agram derejesinde gazanan üstünligi bilen bagly boldy. Ol dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.

«Türkmen sporty».