Bagtyýar durmuşyň sakasy

2 Dekabr 2022
71

Sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki döwürde her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün ýurdumyzda raýatlaryň zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen jümle hem bu hakykaty tassyklaýar. Çünki türgenler sagdyn hem maksadaokgunly ynsanlardyr. Bu häsiýetler olarda berk düzgün-tertibe eýerip, yzygiderli türgenleşmek, ýaryşlaryň synagyndan geçmek esasynda kemala gelýär.

Döwran ANNAMEREDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.