Bedenterbiýe we biz

2 Dekabr 2022
66

Bagtyýarlygyň hem sagdynlygyň gözbaşy bolan sport ynsan durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Sport bilen meşgullanmak hemmeler üçin zerur. Emma sport bilen meşgullanmak üçin öz mümkinçilikleriňe, ukyp-başarnyklaryňa dogry baha bermegi hem unutmaly däl. Sebäbi aşa agyr türgenleşikler gerekli netijäni almaga kömek etmän hem biler. Sportda-da, islendik işde bolşy ýaly, üstünlik gazanmak üçin sabyr-kanagat hem-de zähmetsöýerlik gerek.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylanda, ilki bilen, ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar. Kiçi ýaşly çagalara, ýetginjeklere we gartaşan adamlara aşa agyr türgenleşikler maslahat berilmeýär. Orta ýaşly erkekler we zenanlar üçinem türgenleşikleriň belli bir topary bilen meşgullanmak peýdalydyr. Şeýle hem türgenleşikler diňe yzygiderli geçirilen ýagdaýynda islenilýän netijäni gazanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Toýly MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.