Ähmiýetli duşuşyk

2 Dekabr 2022
57

Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň many-mazmuny täze öwüşgine eýe bolýar. Şonuň esasynda hem, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgesiniň çygry has-da giňeýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän orta mekdeplerde, hünär-tehniki, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen geçirýän maslahatlary hem gözbaşyny şu ugurdaky ähmiýetli ädimlerden alyp gaýdýar. Noýabryň ahyrky günlerinde Lebap welaýatynyň bilim edaralarynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen guralan maslahat hem diýseň täsirli geçdi.

Lebap welaýat kitaphanasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan çärede bedenterbiýe mugallymlaryna usuly maslahatlar berildi. Munuň özi olaryň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmeklerine oňyn täsirini ýetirer.

«Türkmen sporty».