Düzzüm bäsleşigi

2 Dekabr 2022
62

Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkezi tarapyndan guralan düzzüm ýaryşy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlandy. Ýaryşa ikinji derejeden ýokary bolan düzzümçileriň 22-si gatnaşdy. Aýlaw usulynda guralan düzzüm ýaryşynda 9 oglan, 13 gyz ýeňiş üçin bäsleşdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň aglabasy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgenleridir.

Oglanlaryň ýaryşynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Arslan Orazgeldiýew ýeňiji boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Amanmyrat Çaryýew ikinji orny eýeledi. Paýtagtymyzdaky 130-njy orta mekdebiň okuwçysy Muhammet Rejepow öňdäki üçlügi jemledi.

«Türkmen sporty».