Üstünliklere beslenýän ulgam

2 Dekabr 2022
49

Bu gün eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna öwrülýär. Çünki ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bedenterbiýe we sport boýunça hem uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, şeýle hem sportuň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny pugtalandyrmak ýaly möhüm wezipeleriň ençemesini özünde jemleýär.

Şol syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri hem-de desgalar gurlup, halkymyza ulanylmaga berildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde diýseň uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ýaryşlara bolsa bu gün türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli ýörelgesine öwrüldi.

Jeren AGAJYKOWA,
TDB we SI-niň uly mugallymy.