Meşhur küştçiniň ýatlamasy

2 Dekabr 2022
65

Küşt Diýarymyzda sportuň ösen görnüşleriniň biri bolup, ol gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup gelýär. Küşt oýnamak ýurdumyzda geçen asyryň başlarynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, halkyň milli medeniýetiniň bir bölegine öwrülýär. Muňa aşakda gürrüň berjek wakamyzam bütin aýdyňlygy bilen güwä geçse gerek.

XX asyryň ýigriminji ýyllarynda Russiýanyň Moskwa şäherinden meşhur küştçi A.Serebriýskiý Türkmenistana gelýär. Güneşli ülkämize bolan ýatdan çykmajak syýahaty barada soňra tanymal küştçi şeýle gürrüň beripdir: «Uly bazaryň bir çetinde üýşüp oturan bir topar adam meniň ünsümi özüne çekdi. Keçäniň üstünde bir-birine bakyp iki ýaşuly otyrdy. Olaryň daşyny garrylar bilen ýaşlar gurşap alypdyr, özleri-de, bir zatlary ara alyp maslahatlaşýardylar. Men olaryň ýanyna baryp, keçä nazar saldym. Onuň üstünde reňkli daşjagazlar bardy. Iki ýaşuly oýna gyzypdyr. Türkmenlerde daş bilen oýnalýan oýun köp, ýöne bu ýerdäki tomaşaçylaryň gyzyklanmasy maňa has täsin göründi. Daşjagazlaryň göçümi tanyş ýalydy. Üns berip seretsem, keçäniň ortasyna ak sapak bilen atanak üstüne atanak çekilipdir. Daşjagazlar özboluşly küşt tagtasynyň öýjüklerinde dur. Ilki şaşkadyr öýtdüm. Emma daşjagazlar 24-den köpdi. Küştmükä? Biraz durup, munuň hut şoldugyna göz ýetirdim. Mallaryň hemmesi meňzeş bolup, «tagtada» ak-gara öýler bolmasa-da, ýaşulular hakyky küşt oýnaýardy. Çöldäki kiçijik duralgada, uly şäherlerden ýüzlerçe kilometr alyslykda ak sakgally türkmen ýaşululary hemme düzgüni berjaý edip, perzi gambitini oýnaýardylar.

Çarygeldi MYRATLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.