Futbol täzelikleri

2 Dekabr 2022
73

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçi» bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňşinden soň utugyny 60-a ýetiren «Ahal» birinji orny eýelemegini dowam edýär. 10 utugy bolan «Nebitçi» 8-nji orunda ornaşdy.

Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Paýtagtymyzyň topary myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 49 utuk toplady. Ýedinji orny eýeleýän «Energetigiň» 15 utugynyň bardygyny bellemek gerek.

Arslan Orazow,
sport synçysy.