Adaty bolmadyk belgiler

9 Sentýabr 2022
377

Marokkoly futbolçy Zerouali Şotlandiýanyň «Aberdin» toparyna goşulan wagtlary onuň familiýasyna topardaşlary gülşüpdirler. Sebäbi «Zero» sözi iňlis dilinden terjime edilende, 0 sanyny aňladýardy. Bu ýagdaýa özüçe sereden Zerouali 0 belgini saýlaýar.

Ol «Aberdin» toparynyň düzüminde şu belgi bilen oýnaýar we taryha 0 belgide oýnan ilkinji futbolçy bolup girýär. Emma ol Şotlandiýanyň toparynda ýekeje möwsümi geçirýär. Iň gyzykly tarapy hem onuň şertnamasynyň gutaran ýyly (1998-nji ýyl) FIFA 0 belgide oýnamagy gadagan edýär.

Taýýarlan Merdan AMANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.