Bilýardyň taryhyndan

9 Sentýabr 2022
112

Bilýard stoluň üstünde oýnalýan birnäçe oýnuň birleşen görnüşi hasaplanýar. Sebäbi onuň birnäçe ugurdaş görnüşleri giňden bellidir. Olaryň hemmesinde hem stoluň üstündäki şarlary taýak, ýagny kiý bilen urup, torly halka girizmek boýunça bäsleşýärler. Bilermenler bilýardyň fransuz dilindäki «şar» (bille) we «taýak» (bilette) diýen sözlerden hasyl bolandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin olaryň hemmesi umumylykda bilýard diýlip atlandyrylýar.

Taryhy maglumatlar bilýardyň dörän ýeriniň Aziýadygyny tassyklaýar. Ýöne käbir çeşmeler bu oýny döredeniň hytaýlylardygyny aýtsa, ýene birlerinde Hindistanyň ady agzalýar. Şeýle-de bolsa, ýewropaly bilermenler bilýard heniz döremänkä, oňa meňzeş oýnuň Ýewropada oýnalandygyny nygtaýarlar. Olar Germaniýanyň çäklerinde bafkespiel, Angliýada pall-mall ýaly oýunlaryň ir döwürlerden bäri belli bolandygyny aýdyp, öz pikirlerini ösdürýärler. Ýöne çeşmeleriň aglabasynda bilýardyň XV-XVI asyrlarda Hytaýyň üsti bilen Ýewropa aralaşandygy nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde bilýardyň taryhyny öwrenijiler oňa meňzeş oýnuň gadymy Müsürde hem oýnalandygy hakyndaky garaýşy öňe sürýärler. Sebäbi Müsürde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzdan 3300 ýyl ozal ulanylan bilýardyňka meňzeş enjamlar tapylypdyr. 4 şardan we 3 taýakdan ybarat bolan şol enjamlar olara esasy tutaryk bolup hyzmat edýär.

Garaja RAHMANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.