Şa serpaýy — göwünleriň ganaty

2 Sentýabr 2022
134

Iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýan türgenleriň ýeňişlerine buýsanmak, olara sylag-serpaý ýapmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp däbine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň awgustynda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlardaky, has takygy Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryndaky hem-de Türkiýäniň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen begendirdiler. 31-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar — Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, milli parlamentiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, türgenler, tälimçiler, sport hünärmenleri, talyp ýaşlar Watanymyzyň sport ulgamyndaky ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».