Hoşallyk maslahaty

2 Sentýabr 2022
123

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýynyň gowşurylmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatyna ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler, tälimçiler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda ähli ildeşlerimize görkezýän göreldesi, halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgenlerimize hormatly atlary dakmagy we Şa serpaýlaryny gowşurmagy sport ulgamynyň ähli işgärleriniň, türgenleriň, tälimçileriň we hünärmenleriň başyny Göge ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, 31-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de Türkiýäniň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary derejeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmäge, sport babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şeýle hem eziz Diýarymyzda türgenleriň halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.