Buýsandyryjy çözgütler

2 Sentýabr 2022
111

Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir diýip belleýän hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda kabul edilen çözgütler hem bu hakykatyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Täze taryhy eýýamda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, atçylyk-sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türkmen sportunyň şöhratyny artdyrjak türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam eder.