Welaýatlardan habarlar

2 Sentýabr 2022
119

Golaýda Oguzhan etrabynyň sport mekdebinde 2011-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda karate boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri hem gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesi boýunça Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň topary birinji orny eýelemegi başardy.

Ýaryşyň ýeňijilerine Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.