Bilim – bagtyň binýady

2 Sentýabr 2022
139

26-njy awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri dabaralanýar» atly ylmy-amaly maslahat Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guraldy.

Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyňdyr talyplarynyň çykyşlary diňlenildi. Olaryň mowzuklary Berkarar döwletimizde bilim syýasatynyň esasy ugurlaryna, türgenleriň beden taýýarlygynda döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýetine, şeýle hem türkmenistanly türgenleriň halkara sport ýaryşlaryndaky üstünliklerine bagyşlandy. Bilim ulgamyny, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim almaga hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn ynsanlar bolup ýetişmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlarda ähli raýatlaryň, aýratyn-da ýaş nesliň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Gaýgysyz KAKALYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.