«Ahal» – birinji aýlawyň ýeňijisi

2 Sentýabr 2022
135

Futbol boýunça Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Onuň netijesinde «Aşgabat» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykan «Ahal» topary toplan 19 utugy bilen birinji aýlawyň ýeňijisi boldy.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Altyn Asyr» myhmançylykda «Nebitçiden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Mary şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli «Merw» topary «Şagadamy» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Köpetdag» öz meýdanynda «Energetikden» 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Orazgeldi Geldiýew,
«Türkmen sporty».