Halkyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine

26 Awgust 2022
103

«Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde hem uly ösüşleri gazandyk» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Arkadagly Serdarymyzyň bu sözleri iň gymmatly baýlyk bolan ynsan saglygyny goramagyň ýurdumyzda ähli zatdan ileri tutulýandygynyň, raýatlaryň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da gülläp ösmeginde raýatlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmaklarynyň ilkinji nobatdaky şertleriň biridigi bolsa öz-özünden düşnüklidir.

«Türkmen sporty».