Türkmen samboçylary Moskwada geçjek halkara ýaryşynda çykyş ederler
Eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, başa-baş söweş sungatlaryny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şol sanda sambo we söweş sambosy boýunça ussatlary taýýarlamakda hem möhüm ädimler ädilýär. Watanymyzda geçirilen halkara ýaryşlarynda hem bu görnüşe möhüm ornuň degişli bolandygy bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlikdir.