Taryhy maslahata bagyşlanan duşuşyk

26 Awgust 2022
95

Düýn — 26-njy awgustda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Oňa ministrligiň düzümindäki edara-kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Bütin dünýäde ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan halkara maslahat Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň howandarlygynda 15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Oňa dünýäniň 40-a golaý döwletinden hem-de 30-dan gowrak halkara guramalardan wekiller gatnaşdylar.

«Türkmen sporty».