Sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň mekany bolan ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden ylham alýan ýaşlar öz saýlan ugurlarynda kämillige gol berip, Watanymyza, il-günümize peýdaly adamlar bolup ýetişmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň onunjy synpynda okaýan Kerim Beknazarow hem şeýle ýaşlaryň biridir.
Sportda ussatlyga ýetmek üçin ussatdan tälim almak gerek. Hut şonuň üçinem, irden mekdepde bilimini artdyrýan Kerim günüň ikinji ýarymyny agasy Gurbandurdy bilen paýtagtymyzdaky 57-nji orta mekdebiň türgenleşik zalynda geçirýär. Bu ýerde türgen doganlar tejribeli tälimçi, taekwondo WTF boýunça sport ussady Mergen Saryjaýewden tälim alýarlar. Agşama çenli dowam edýän türgenleşiklerde başa-baş söweş sungatynyň inçe tilsimlerini ele alýan ýaş türgeniň yhlasy onuň ýaryşlarda görkezýän netijelerinde şöhlelenýär.