Mekdep – kämillik ojagy

26 Awgust 2022
112

Islendik işdäki ussatlygyň gözbaşynda halypa-şägirtlik mekdebi durýar. Heniz mekdep partasyndan haýsy hem bolsa bir ugra ýürekden ýapyşan okuwçynyň yhlasy halypanyň – mugallymyň ussatlygy bilen sazlaşanda ökde hünärmen, alym, döredijilik adamy, mahlasy, saýlap alan hünärinde kämillige ýeten şahsyýet kemala gelýär. Bu kanunalaýyklyk sport babatynda hem üýtgewsizdir. Ussat halypalardan tälim alyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny goraýan erjel türgenleri ýetişdirýän sport mekdepleriniň biri-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebidir.

Sport mekdebimiz ýaşlaryň okuwdan boş wagtlarynda sport bilen meşgullanyp, beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolmak üçin uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ozal hereket edýän futbol, basketbol, gandbol, tennis, söweş sambosy, taýboks ýaly görnüşleriň üsti agyr atletika bilen ýetirilip, mekdebimizde tälim berilýän sport görnüşleriniň sany 7-ä ýetdi. Bu ýerde 600-e golaý okuwçy tälim alýar. Häzirki günlerde olara sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaşajyk muşdaklarynyň täze toparlary goşulýar.

Amangeldi ÇARYÝEW,