Garaşsyzlyk — ykbalymyz, bagtymyz

22 Sentýabr 2023
230

Watana bolan beýik söýgüden gözbaş alyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilen nusgalyk işleriň täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigi onuň diňe bir ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygy ajaýyp hakykatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren deňsiz-taýsyz özgertmeleri, taryhy tutumlarydyr başlangyçlary bilen dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň esasynda şol ykrarnamanyň has-da pugtalanýandygy, berkeýändigi hem, elbetde, kalplardaky buýsanja buýsanç, guwanja guwanç goşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Kataryň Emiriniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, bu ýurtda guralýan Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolmagyny şolaryň hatarynda iň şanly wakalaryň biri hökmünde görkezip bileris.

«Türkmen sporty».